Reňkler — mahabat işinde

27 Fewral 2022
1788

Islendik ýurduň ykdysadyýeti köp babatda hususyýetçiligiň ösüşine bagly. Çünki hususy işewürler öz harytlary we hyzmatlary bilen raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, degişlilikde ýurduň ykdysady görkezijileriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär.

Bazarda önüm öndürijileriň we hyzmaty ýerine ýetirijileriň sany artdygyça, bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa görünmeýän bazar bäsdeşliginiň ýüze çykmagyna getirýär. Hususy işewürleriň arasynda ýüze çykýan bäsdeşlikler bazara, aýratyn-da, müşderilere saýlamak hukugyny, harydyň hiline, bahasyna, göwrümine we möçberine baglylykda, özüne amatlysyny satyn almaga şert döredýär. Çünki şol bir önümi öndüriji bolup, birnäçe telekeçi çykyş edýär. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy müşderiler üçin amatly bolsa-da, önüm öndürijilere täsirini ýetirýär. Munuň özi işewürlere öz meýilnamasynda göz öňünde tutulan mahabatlandyrma bölümine ünsi güýçlendirmeli bolýar. Şeýle iş öndürilýän harydyň ýa-da hyzmatyň amatly taraplaryny, ulanylyş şertlerini we peýdalydygyny alyjylar giňişligine tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Jumageldi SALAMOW,
«Türkmenistan» gazetiniň işgäri.