Älem täzelikleri

19 Ýanwar 2022
2648

Täsin söwda toplumy

Hytaýyň Şanhaý şäherinde tebigat gözelligine beslenen söwda toplumy işe girizildi. Daşyndan seredeniňde, bu merkez gür baglyga bürenen dagy ýadyňa salýar. Derýanyň kenarynda gurlan 9 gatdan ybarat bu desganyň daşyna ýörite sütünler galdyrylyp, olaryň her birinde dürli baglar we ösümlikler ekilipdir. Has takygy, müň sany sütünde agaçlaryň müňlerçesi we ösümlikleriň 250 müňden gowragy söwda toplumyna, hakykatdan hem, baglyga beslenen dag görnüşini berýär. Onda oturdylan baglar gündizine ýaşyl öwüsse, gijelerine özboluşly çyralar bilen bezelýär. Söwda toplumy diňe munuň bilen çäklenmeýär. Onuň beýleki tarapy sungat eserleriniň özboluşly sergisi bilen bezelipdir. Söwda toplumynda jemi 12 market, 91 dükan we 63 sany jemgyýetçilik iýmiti we dynç alyş merkezleri hereket edýär.

Begli ABDYKADYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.