Joramyň gaýynenesi

28 Dekabr 2021
3158

Her gezek gaýyn-gelin hakynda gürrüň açylanda joram gaýynenesini süýjülik bilen ýatlaýar. Ol bu gezegem, «Wah, daýzam bolan bolsady, men şähere göçüp gelmezdim, sebäbi onuň bilen bile ýaşamaklygyň özi bir lezzetdi» diýýär.

— Biz gaýynym bilen bary-ýogy dört ýyl bile ýaşapdyk. Ol ýyllar ýyldyrym çaltlygynda geçen eken. Daýzam il üçin doglan adamdy, elinden ähli iş gelerdi. Onuň ýaş gelinlere berýän gymmatly maslahatlaryny, edim-gylymlaryny, iş ýöredişini, eliniň süýjüligini aýtjakmy, garaz, ähli babatda gaýynymyň ýakyndan goldawyny duýardym.

Aýnabat GOÇKAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar