Zenan — Zemin görki

25 Noýabr 2021
2396

Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde zenanlar we çagalar meselesine, olaryň konstitusion ýagdaýyna, eneligiň durmuş taýdan goldanylmagyna we maşgalanyň goralmagyna yzygiderli üns berilýär.

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalar girizilse, çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam etjekdigini beýan etdi.

Kümüş GURBANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň jemgyýetçilik birleşiklerini we dini guramalary döwlet bellige alyş bölüminiň müdiri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar