«Ejeň saňa aýtjaklary bar» (hekaýa)

19 Noýabr 2021
2437

Güýz günleri ahyrlap ýördi. Meýdanlardan hasyl doly ýygnalyp gutarylypdy. Howa-da mazaly sowapdy. Gyş pasly hem indi uzakda däldi, eýýäm haçandan bäri öz hökümini ýöretmäge häzirlenýän ýaly, bosagadan jyklap durdy.

Mydama nowbahar oglunyň ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan Annatäç ejäniň bu günki gün oglunyň oba mekdebinde mugallym bolup işläp ýörenine üç ýyl bolupdy. Hemme eneler ýaly, Annatäç eje-de ogluny gözli-başly etmegiň, agtyk söýmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Ýöne ogly Selimiň ata-enesine ýüregini açan, olaryň ýanynda öýlenmek, özbaşdak durmuş gurmak hakda dil ýaran gezegi bolmandy. Bardy-geldi bu barada gepden gep çykaýanda-da, heniz özüniň öýlenmekçi däldigini çürt-kesik aýdýardy. Bu boluş, elbetde, Annatäç ejäni otursa-tursa ynjalykdan gaçyrman durmaýardy. Onsoň uzakly gününi lapykeç halda oturyp, içini gepledip geçirýärdi. Ýaman ýeri, onuň pikirini goldap, adamsam tijeniberenokdy. Ýogsam, aýalynyň goňşynyň bala-çagalaryny dyzynda oturdyp, oýnadyp, käte-käteler aýaklarynda ýatyryp, wagtynyň köpüsini şolara gümra bolup geçirýändigini göre-göre gelýärdi. Onda-da kelam agyz gep goşanokdy.

Go­çy AN­NA­SÄ­HE­DOW.
Beýleki habarlar