Ýaşlary terbiýelemegiň milli ýörelgeleri

18 Noýabr 2021
2329

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim, kämil terbiýe almagy üçin eziz Diýarymyzda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş neslimiziň orta mekdepleri tamamlanlarynda durmuşda ukyply, hünärlere taýýarlykly we başarnykly bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa baglylykda, bu günki gün ýaşlar barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyzda kämil düşünjeli, watansöýüji, sagdyn pikirli nesli ýetişdirmek, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalamak iň esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden geçip, biziň günlerimize ýetip gelen terbiýeçilik mekdebi kämilligiň özenidir. Terbiýäniň kämil bolmagy barada aladalanan pähimdar pederlerimiz ýaş nesli edepli edip ýetişdirmegiň nusgalyk mekdebini ýörelge edinipdirler. Olar çagalary terbiýelemegiň ýolunyň göreldede jemlenýändigine düşünipdirler. Maşgalada ilkinji dünýä inen perzent uly söýgi, mähir bilen gurşalyp, soň ýagşy görelde bilen zähmete ugrukdyrylypdyr. Islendik ukyp-başarnyk irginsiz zähmet bilen gazanylýar. Çagalar “Bar, otur, tur, getire” ýarap başlandan olara güýçýeter ýumuşlar tabşyrylyp ugralypdyr. Netijede özbaşdak, zähmetsöýer, başarjaň, ukyply şahsyýet kemala gelipdir. Maşgalada soňra dünýä inen çagalar ilkinji perzendiň görüm-göreldesine eýeripdir. Oglan çagalara ene topraga hyzmat etmek, ussaçylyk ýaly dürli hünärler öwredilse, gyzjagazlara biş-düş, tikin-çatyn, el işleriniň inçe syrlary öwredilipdir. Maşgalada çagalar mähirli gatnaşyklar esasynda terbiýelenipdir.

Akbäbek ŞÜKÜROWA,
Etrek etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar