Dünýäde ylym we tehnika görlüp-eşidilmedik derejede tiz ösýär hem-de adamzada giňişleýin hyzmat edýär. Gazanylýan ylmy ösüşler halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklary we birek-birege ynanyşmak arkaly gazanan netijeleridir. Ylmy, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň netijesinde gazanylýan ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim-ylym işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, ýaş alymlardan, talyplardan edilýän talaplar hem güýçlenýär. Çünki ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üstünlikleriň altyn açarydyr. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmak ýerine ýetirýän işiň has-da göwnejaý bolmagynyň girewidir. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäri maglumat alyp biler ýaly, internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn, giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär.
Eziz Diýarymyzda milli ýörelgelere hem-de dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary barha kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron-maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu ugurda Diýarymyzda netijeli işler giňişleýin durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olary ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde ähli şertler döredilýär. Mugallymlaryň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriň öz ugrundan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institutlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar.