Nesilleriň ýörelgesi

9 Noýabr 2021
2119

Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Eneleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşyga ýokary synp okuwçy gyzlar hem-de ýaş mugallymlar gatnaşdy.

Ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleri, ahlak kadalaryny, urp-adatlary ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Arkadagly döwrümizde durmuşyň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler, gelin-gyzlary bezeýän oňat häsiýetler, ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgeler barada aýdyp, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza goýulýan belent sarpanyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi, agraslyk bilen bagly aýdylan gymmatly öwüt-ündewler duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar