Aleksandriýa kitaphanasy
Gadymy Müsür özünde ençeme syrlary saklaýar. Olaryň biri hem Aleksandriýa kitaphanasy bolup, ol ýerde gadymyýetiň meşhur akyldarlarynyň köp sanly eserleri saklanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öň III asyrda Müsüriň patyşasy Ptolemeý I Soter tarapyndan iň uly kitaphana we ylmy merkez esaslandyrylýar. Ol beýleki döwletleriň hökümdarlaryna kitaphana üçin golýazmalary ugratmaklaryny haýyş edip, ýüz tutýar. Ptolemeýiň mirasdüşerleri Ýewropanyň, Kiçi Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň şäherlerine manuskriptleri, kartalary we beýleki gymmatly eserleri ýygnamak üçin bilermenleri ugradýarlar. Kitaphananyň üstüni doldurmak üçin Aleksandriýa giren her bir gäminiň bortundaky ähli külterlenen golýazmalar nusgalanýan eken. Ýüzden gowrak alym kitaplary ýygnamak, terjime etmek, nusgalamak işleri bilen meşgul bolupdyr.