Käbäme salam hat (Oýlanma)

28 Oktýabr 2021
1792

Wagtyň geçmegi adam aňynyň kämilleşmegine, pikir öwrülişiginiň çuňlaşmagyna ýardam berýär. Ýyllar geçdigisaýy köp zada has oýlanyşykly çemeleşmek, söz meselesinde ätiýaçly gürlemek, hereketleriňe aýratyn üns bermek endige öwrülip galýar. Bu dogduk öýüňden daşlaşanyňda has hem mese-mälim duýulýar. Kiçiräk wagtymyz ejelerimiziň gulagymyza guýan öwüt-ündewleriniň bu günki gün il arasynda abraý getirýän pursatlary şol edep-terbiýäni beren mähribanlarymyza bolan hoşallygymyz has-da artýar.

Aslynda, ata-enelerimiz ählimiz üçin hem edep-terbiýe mekdebimizdir. Olar biziň il içinde abraýly, mertebeli, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegimiz üçin uly alada edýär. Kiçilikden halanmaýan hereket etseň ýazgaryp, utandyryp, ýaramly hereketiň öwgüsini ýetirip, berekellasyny aýdyp bizi durmuşyň dogry ýoluna ugrukdyrýan mähribanlarymyz şeýdip bizi kemala getirýär. Olaryň terbiýeçilik mekdebi biziň galan ömrümize nusgalyk ýol bolup galýar.

Mahym BEGLIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň işgäri.