Durnukly energiýa üpjünçiligi

28 Oktýabr 2021
2642

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzak möhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy şu günki gazanýan uly ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň uly dabara bilen işe girizilmegi halkymyz üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar.

Patyşageldi MYRATDURDYÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.