Özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny uly dabara bilen bellän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň mundan buýana depginli ösüşini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny peýdalanyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipäni gysga döwrüň içinde üstünlikli çözmegiň zerurdygy barada milli Liderimiz yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen bu Karara laýyklykda, ýurdumyzda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, şol işleriň özüniň oňyn netijesini berýändigini bellemek gerek. Bu Konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna möhüm ugurlar boýunça çäreler işjeň ýaýbaňlandyrylýar.