Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüş

20 Oktýabr 2021
1822

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde, aýratyn hem paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji iýunyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa her bir adamyň amatly daşky gurşawda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu kada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda kepillendirilendir. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak dünýä boýunça ählumumy meseleleriň biri hasaplanýar.

Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory.