Baglar howany tämizleýär

13 Oktýabr 2021
1692

Ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak biziň döwrümizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ähli ösüşlerimiziň hem şu esaslarda gazanylmagyna tarap alnan ugur Garaşsyz döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň hem esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işleriň amala aşyrylmagy, her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbüniň oturdylmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykmagy mümkin bolan ýaramaz täsirleriň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa ynsan üçin zerur bolan has peýdaly mikroklimaty döredýär. Ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinde baglaryň döredilmegi howadaky köpsanly zyýanly mikroorganizmleriň ýok bolmagyna getirýär. Bagy-bossanlyga öwrülen meýdanlaryň her gektary 200 kilograma çenli arassa kislorody bölüp çykarýar. Üstesine, şu möçberdäki bag daragtlary kömürturşy gazynyň 300 kilograma çenlisini özleşdirip, howany tämizlemäge-de gatnaşýar. Şonuň üçin bag ekmek örän peýdalydyr. Arça, çynar, söwüt, derek ýaly daragtlaryň dürli ulag serişdeleriniň köpelmegi bilen peýda bolýan zäherli gazlary zyýansyzlandyrmakda, ýel-tozanyň täsirini azaltmakda uly ähmiýetiniň bardygyny bu gün biziň köpimiz bilýändiris. Tämiz howa ýaşaýşymyzyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaşaýşymyz üçin zerur bolan howamyzyň arassa bolmagyny üpjün etmekde köpsanly çäreleriň biridir. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi sebäpli ýüze çykýan wezipeleriň oňyn çözgütlerini tapmak bilen ýurtlaryň ählisiniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm bolup durýandygy barada hormatly Prezidentimiz hem belläp geçýär.

Maýsa ÝANGIBAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.