Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen, ýerli telekeçilerimiziň sany görnetin artýar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldawynyň gerimini giňeltmek, milli ykdysadyýetiň hususyýetçilik böleginiň netijeliligini artdyrmak üçin oňaýly şertler döredilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, edara-kärhanalar zamanabap tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ýokary hilliligi bolsa has möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu ugurda 2020-nji ýylda öz işine başlan «Umytly ýol» hususy kärhanasy ýokary hilli harytlaryny hem-de hyzmatlaryny hödürleýär. Has dogrusy, «Umytly ýol» hususy kärhanasy Germaniýanyň hem-de Italiýanyň meşhur kompaniýalarynda öndürilen gurluşyk enjamlarynyň söwdasyny amala aşyrýar. Şol birwagtyň özünde bu hususy kärhananyň hünärmenleri söwdasyny amala aşyrýan harytlarynyň —
ot söndüriji, wideo gözegçilik enjamlarynyň, liftleriň, ýöreýän basgançaklaryň, çillerleriň gurnama we abatlamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýärler. Bu bolsa kärhananyň müşderiler bilen ynamly hyzmatdaşlyk saklamagyna uly ýardam berýär. «Umytly ýol» hususy kärhanasynda işine ussat hünärmenler zähmet çekip, olar gurnama işlerini ýokary netijeli ýerine ýetirýärler.