Towşanlar
Türkmenistanyň özüne mahsus tebigaty bar. Onuň haýwanat, ösümlik dünýäsi baý we özboluşly. Gyzyl gotan, gulan, garagaýçak ýylan ýaly haýwanlar diňe biziň ýurdumyzda duş gelýär. Bir gapdaly Bahry-Hazar, bir gapdaly Jeýhun derýa, dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy bolan bu gözel mekan biziň ata Watanymyzdyr.