Baş maksat — ekologiýa abadançylygy

22 Awgust 2021
1898

Ýurdumyzda ekologiýa meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda netijeli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz Türkmenbaşynyň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň bölüm başlygy Güýzgylyç Nazarow bilen duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol daşky gurşawy goramakda, Hazar deňziniň we kenarýakalarynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— Döwletimiziň ekologiýa syýasatyny amala aşyrmakda ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler, döwrüň derejesine göterilip, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşky gurşawyň goraglylygyna we ekologiýa ýagdaýyň abadançylygynyň üpjün edilmegine Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň we beýleki edara-guramalaryň işgärleri tarapyndan uly ähmiýet berilýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.