Ertekili täsin agşamlaryň söhbedinden

21 Awgust 2021
2509

Ylym-bilimiň ösen merkezine öwrülen şäherlerimizde ýaşap, ylmy-döredijilik işi bilen meşgul bolan belli alym-ulamalaryň, pir-danyşmentleriň öwüt-ündewini almaga, olaryň huzuryna şägirtlige durmaga höwesliler suwuň akyşy deýin üznüksiz geler durar eken. Munuň üçin olar uzak ýollary söküp, ýurt aşyp gelipdirler. Bu barada çuňňur mazmunly hekaýatlaryň köpüsi irki döwürlerden bäri halkyň hakydasynda ýaşap gelýär. Olaryň birinde şeýle diýilýär...

Günleriň birinde Köneürgenjiň üsti bilen Amula barýan kerwendäki jahankeşdeler Nejmeddin Kubranyň ak patasyny almak hem-de onuň öwüt-ündewini diňlemek üçin şol jelegaýda goş ýazdyrypdyrlar. «Hezreti pir, biz bir jahankeşde adamlar. Baran-gezen ýerimizden del haryt alyp, öz ilimize äkidýäris. Söwda-satyg edýäris. Ýurtlaryň ahwalyny, habaryny ýetirýäris. Kimden nähili ýagşy söz, öwüt eşitsek, hemmeler bilen paýlaşýarys. Hemişe ýolda gezýän adamlar näme bilen meşgul bolsalar gowy? Bize şeýle bir pent ber, goý, ol pentleriň hikmeti, täsiri bütin ömrümize ýeterlik bolsun!» diýip, haýyş edipdirler. Pir hezretleri myhmanlarynyň haýyşyny diňlänsoň, olara şeýle nesihat edipdir: «Ömür ýeňil-ýelpaý ötülýän menzil däl, emma şu alty amaly berjaý etseňiz, ekin meýdanyna taşlan her bir dänäňiz müň bolar. Daýym ýadyňyzda bolsun, adamlar köp işlemäge meşgul bolsalar, siz her bir eden işiňizi gowy ýerine ýetirmäge çalşyň. Adamlar artykmaç ybadata meşgul bolsalar, siz, ilki bilen, möhüm borçlaryňyzy bitirmäge meşgul boluň. Adamlar daşky zynatyny bezemäge meşgul bolsalar, siz içki dünýäňizi bezemäge meşgul boluň. Adamlar özgäniň aýbyny gözlemäge meşgul bolsalar, siz öz aýbyňyzy düzlemäge meşgul boluň. Adamlar nebsini dikeltmäge meşgul bolsalar, siz synyk göwünleri dikeltmäge meşgul boluň. Adamlar kimdir biriniň göwnüni görmäge meşgul bolsalar, siz haýyrly amallar bilen Perwerdigäriň razylygyny gazanmaga meşgul boluň» diýipdir. Şeýdibem, piriň dogaýy jümlelerini ömürleriniň baş şygaryna öwren jahankeşdeler bu hikmetli sözleri äleme hem ýaýypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan.