Telekeçiler — ýurdumyzyň daýanjy

20 Awgust 2021
2207

Täze okuw ýyly golaýlansoň, bu günler söwda nokatlaryna, bazarlara ýygy-ýygydan barýarys. Çagalarymyza mekdep lybaslaryny, okuw esbaplaryny alyşdyrmaly. Söwda nokatlaryndaky, dükanlardaky tekjeleri dolduryp duran biri-birinden meşhur haryt nyşanly, dürli görnüşdäki önümleri göreniňde, göwnüň göterilýär. Begendirýän ýerem, ol harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilendigidir.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden ykdysadyýetimiziň ösüşine köp babatda bagly bolup durýan telekeçiligi ösdürmeklige uly üns berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen, türkmen telekeçileri üçin täze üstünlikli döwür başlandy. Telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işleriň ilerlemegi hem-de onuň hukuk binýadynyň berk bolmagyny şertlendirýän «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky düzülen döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we özüniň oňyn netijesini hem berýär. Ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri bu günki gün ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirip, önümçiligiň dürli görnüşlerini işläp taýýarlamakda baý tejribe topladylar. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen olar gurluşykda, oba hojalygynda, söwdada, azyk önümlerini öndürmekde, senetçilikde, halyçylykda, zergärçilikde... bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda özleriniň işjeňliklerini görkezýärler.  

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan».