Telekeçiligi goldamagyň hukuk binýady

16 Awgust 2021
2058

Telekeçilige we hususyýetçilige goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar zamanamyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçiler döwlet tarapyndan döredilýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýokary hilli harytlary öndürmäge, azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda telekeçilige berilýän döwlet goldawy ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen, ol hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat we beýleki görnüşlerde amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biri-de, telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri döretmekden we işiň bu görnüşi bilen meşgullanýan taraplaryň kanuny bähbitlerini gorap saklamakdan ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alnyp, Esasy Kanunymyzda telekeçilik we kanun bilen gadagan edilmedik gaýry ykdysady iş bilen meşgullanmak üçin her bir adamyň ukyplaryndan we emläginden erkin peýdalanmagy boýunça hukugy göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, hususy ulgamyň fiziki we ýuridik taraplaryna zähmet işi bilen meşgullanmagy kanunçylyk taýdan kepillendirilýär.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.