Watanymyzyň röwşen geljegi

4 Awgust 2021
2385

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň netijesinde hem Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly, bilimini ösdürmäge, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki ýaş nesliň okap, bilim almaklary, zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, bu ugruň hukuk esaslary hem berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar.

«Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir» diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji fewralynda ýurdumyzyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda aýratyn nygtap geçdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda ýaşlar hakyndaky aladanyň elmydama esasy orunlaryň birini eýeleýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.