Sergin howaly künjekde

2 Awgust 2021
2631

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýär. Tebigatyň bu gözel künjegindäki merkez mekdep okuwçylarynyň tomusky hem gyşky dynç alyş möwsümlerinde uly ruhubelentlige beslenýär. Şu günler gürrüňi edilýän merkezde dynç alýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri has hem buýsançly ýaňlanýar.

2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen bu merkez welaýatyň çagalarynyň iň söýgüli mekanyna öwrüldi. Her tapgyrda 300 çaganyň dynç alyp, wagtyny hoş geçirmegi üçin ýokary derejedäki mümkinçilikleriň bolmagy bagtyýar nesillerde guwanç duýgusyny döredýär.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».