Önümçilikde täze sepgitler

21 Iýul 2021
1820

Tomsuň gyzgyn günlerinde süýt ýa-da süýt önümleri janyňa diýseň hoş ýakýar. Ertirlikde bir käse, käte bolsa bir okara süýdi başyňa çekseň, günortana çenli hörek küýsetmeýändigini heniz çagakak hem bilýärdik. Günortanlyk hem ýaýylyp, mesgesi alnyp, aýran hem başga nygmat isletmez. Umuman, süýt we ondan alynýan önümler durmuşyň datly nygmatlaryna öwrülip gidendir.

Söwda nokatlarynyň islendigine barsaň, süýt önümleriniň giden bir toplumyna gözüň düşýär. Bu bolçulyk, elbetde, göwnüňi göterýär. Munda türkmen hususyýetçileriniň, şol sanda öz işlerini Lebap welaýatynda alyp barýan hususy taraplaryň uly paýynyň bardygy guwandyryjydyr.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).