Çekeleşikli ýaryş

13 Iýul 2021
2607

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglygyny berkidýän ýaş nesilleriň arasynda geçirilýän dürli mazmunly çäreleriň netijeliligi gazanylýar. Ol ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda ýaýbaňlandyrylan sport ýaryşlary babatynda hem şeýle diýmek bolar. Bu ýaryşlara merkezde wagtyny hoş geçirýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Welosiped sürmek, woleýbol, hereketli oýunlar görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar has hem gyzykly boldy. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmagy, sport ussatlygyny ýokarlandyrmagy we olary höweslendirmegi maksat edinen ýaryşlar sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, sporty hemra edinýän ýaşlaryň az däldigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni. SURATLARDA: ýaryşdan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.