Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly ösüm­lik­ler

8 Iýul 2021
1906

Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly agaç­laryň, gy­rym­sy agaç­laryň, ýabany otlaryň, bir­ýyl­lyk we köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Ka­li­for­ni­ýa gü­lä­le­gi. Ýa­ba­ny çöl gül­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu ösüm­lik açyk na­rynç reň­ki bi­len ada­ty gy­zyl gü­lä­lek­den ta­pa­wut­lan­ýar. Gü­lä­le­giň bu gör­nü­şi ABŞ-nyň Ore­gon şta­ty­nyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­dan Mek­si­ka­nyň Aşa­ky Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­na çen­li ara­lyk­da ös­ýär. Me­de­ni usul­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi aň­sat bo­lan­soň, tä­sin gül köp ýer­de se­ýil­gäh­le­ri, how­lu­la­ry hem be­ze­ýär. Bu ösüm­li­giň gül­le­ri gün­di­zi­ne açy­lyp, gi­je­si­ne ýa­pyl­ýar. Bu gü­lä­lek­ler ke­nar­ýa­ka­lar­da tu­tuş to­mus pas­ly­nyň do­wa­myn­da gül aç­ýan bol­sa, has ys­sy ýer­ler­de ýaz pas­lyn­da bir ge­zek gül­län­den soň­ra gu­ra­ýar.