Öýleriň bezegi — «Aýbölek»

7 Iýul 2021
1896

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin amal edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda hususyýetçilige döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleri dünýä bazarlarynda giň alyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutmak bilen, daşary ýurt bazarlarynda-da mynasyp orun tapmagy her bir türkmenistanlyny çäksiz buýsanja besleýär.

Çagalykda agaçlardan dürli önümleri ýasamaga bolan arzuwymyň ýetginjeklikde, ýetginjekkäm şahsy mebel dükanyny açmaga bolan islegimiň kämillikde wysalyna gowuşandygyny ýatlamak ähli türkmenistanlynyň ýüreginde hemişelik ýaşaýan «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr» diýen jümläni biygtyýar dilime getirýär.

Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW,
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş müdiri.