Täsin otag ösümligi

28 Iýun 2021
1628

Araukariýa tebigy şertlerde hemişe gök öwüsýän pürli agaçlar maşgalasydyr. Bu ösümligiň 14 görnüşi hasaba alnandyr. Araukariýanyň boýy 60 metr bolup, şahalary pişek şekillidir. Onuň watany dürli uruglaryna baglylykda Günorta Amerika, Gündogar Awstraliýa, Norfolk adalary we Täze Kaledoniýa hasaplanylýar.

Tebigy şertlerde Araukariýa tohumy we çybygy arkaly köpelýär. Tohumlary çalt gögerijiligini ýitirýändigi sebäpli, derrew ekmeli bolýar. Ekilen tohumlary ortaça 18 — 20 gradus yssylykda saklamaly we gögerip kemala gelen nahallary hemişelik ýerine bir gezek göçürip bolýar. Onuň tohumy iýmit hökmünde, pürsi mebel öndürmekde giňden ulanylýar. Onuň birnäçe görnüşi Gara deňziň kenarynda, Kawkazda hem ösýär.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.