Janly köprüler

27 Iýun 2021
1460

Şeýle täsinlikleriň birine Hindistanyň gündogarynda Meghalaýa ştatynyň Çerapunji şäheriniň tropiki tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Bu täsinlik «Janly köpri» bolup, oňa tebigy ýadygärlik diýilse hem ýalňyş bolmaz. Janly köprüleri gurmak däbini hindileriň Khasi we Jantiýa taýpalary saklap gelipdirler. Bu taýpalar fikus agajynyň howa köklerini ösdürip, derýanyň beýleki kenaryna gönükdirmek üçin bambuk ösümliginiň şahalaryny ulanypdyrlar. Bambukdan başga-da, Betel palmasynyň oýulan şahalarynyň içinden agajyň ösýän köküni goýberipdirler. Fikus agajynyň kökleri tiz ösýär. Agajyň kökleri beýleki kenara çenli ösüp, gaýalara we kenarýaka topragyna çalt aralaşýarlar. Janly köprüni gurmak üçin azyndan 15 ýyl gerek bolýar. Fikus agajynyň ýaşy näçe uly bolsa, köpri şonça-da berk bolýar. Ýyllaryň geçmegi bilen köpri dargamaýar-da, tersine, has-da berkleşýär. Ýerli taýpalaryň aýtmagyna görä, häzirki döwre çenli saklanyp gelýän janly köprüleriň ýaşy 100 – 150 ýyla barabardyr. Has uzyn janly köpriniň boýy 50 metre golaý bolup, Hindistanyň Mawkirnot we Rangtillan obalarynyň arasynda ýerleşýär.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.