Gaýratly gallaçy zenan

23 Iýun 2021
2218

(Oçerk)

...Säher çagy. Tamdyrdan ýaňyja çykan mele-myssyk çörege meňzäp, ýylgyryp dogan Gün özi deý tyllaýy öwüşginli bugdaý meýdanlaryna nuruny bolluk bilen eçilýär. Bu görnüş özboluşly sazlaşygy döredip, altyn başly bugdaýlary has-da nurana görkezýär. Daş-töwerek bolsa ümsümlik. Diňe, adatdakylar ýaly, säheriň şeýle ajaýyp çagynda perişdeleriň rysgal-bereket paýlaýandygyny buşlaýan bilbilmidir mollatorgaýyň bugdaýly meýdanlaryň daş-töweregindäki baglardan eşidilýän ýakymly owazy bilen säheriň mymyjak şemalyna tolkun atýan altynbaş bugdaýlaryň birenaýy ygşyldysy gulagyňa hoş ýakýar... Şol pursat durşy bilen nuranalyga gark bolan bu bereketli pelleriň gyrasynda elleri gabarçakly, ýüz-gözi ýele-Güne gaýzygan, hortapdan gelen galdaw göwresi bilen gaýratly gadam urýan, tüýs daýhansypat bir bugdaýreňk zenan peýda bolýar. Ol bugdaý peliniň bir gyrasyndan girişine, öz ýüküni göterip bilmeýän ýaly, aşak eglen altyn başlardan birini alagada, ony elleriniň aýasynda owkalap, däneleriniň birki sanysyny dişläp görýär: «...Bişipdir. Kemsiz bişipdir. Tüweleme, dänelerem dok. Indi oraga başlabersegem bolýa...».

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».