Perzent terbiýesinde enäniň orny

22 Iýun 2021
1860

Asylly hem örän jogapkärli zähmetlerini ýaş nesillere bagyş edýän, olardan zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer, ösen aň-düşünjeli, kämil şahsyýeti kemala getirmekde irginsiz zähmet çekýän bilim işgärleri okuwçylaryň, talyplaryň ata-eneleri ýa-da hossarlary bilen söhbetdeşlikleri we duşuşyklary yzygiderli guraýarlar. Bilim işgärleri ýaşlary hakyky manysynda terbiýelemekde zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler. Munuň özi ata-ene bilen mugallymyň sazlaşykly iş alyp baryp, çaga bilim-terbiýe bermekde garaşylýan netijeleri almaga işjeň gatnaşýandyklaryny aňladýar. Bilim edarasy öz gezeginde şeýle işleri alyp barsa-da, çagany terbiýelemek körpelikden başlanmalydyr. Şonuň üçin hem çaga dünýä inen gününden başlap, ata-enesi tarapyndan üns bilen gurşalyp alynmalydyr. Täze dünýä inen çaga söýgi-mähre, idege we terbiýä mätäçdir. Ony terbiýelemekde maşgalanyň orny hemme zatdan belentdedir.

Çagany jemgyýete uýgunlaşdyrmakda, ösdürip ýetişdirmekde, bilim bermekde, has takygy, kämil ynsan edip ýetişdirmekde maşgala agzalarynyň ählisiniň hem öz orny bar. Bu babatda ata-ene terbiýä aýratyn üns bermelidir. Ata-enäniň göz-guwanjy bolan balasyny terbiýelemäge çuňňur ymtylmagy garaşylýan netijeleri almaga esas bolup biler. Ýöne perzent terbiýelemekde enäniň öňünde durýan borç has uludyr, sebäbi onuň berýän terbiýesi edebiň gönezligidir, gözbaşydyr.

Döndi GOÇMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy.