Daşky gurşawyň goragy ugrunda

21 Iýun 2021
2098

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara maslahatlarda we forumlarda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olaryň gorlaryny köpeltmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýer-suw baýlyklaryna rejeli çemeleşmek ýaly döwrüň möhüm meselelerini öňe sürýär. Şeýle başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, sebit we halkara derejede möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýady umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi milli kanunçylyk kadalaryny Türkmenistanyň ykrar eden Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena Konwensiýasynyň, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň, Howply galyndylaryň serhetaşyr daşalyşyna we ýok edilişine berk gözegçilik etmek boýunça Konwensiýanyň, Biologik köpdürlülik hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgeleri hem-de kadalary bilen utgaşykly sazlaşdyrmak ugruna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».