Ýowşan

21 Iýun 2021
7011

Gözel Diýarymyzyň özboluşly we täsin tebigaty bar. Şol sebäpden hem, hormatly Prezidentimiz tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň möhümdigini nygtaýar. Tebigatymyzda ösýän ösümlikleriň her biri özüniň aýratynlyklary, gözellikleri, dermanlyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň müňlerçe görnüşine duş gelmek bolýar. Şeýle dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň biri hem ýowşandyr. Ýowşanyň dünýäde 400 görnüşi bolup, olar Kawkazda, Günbatar Sibirde, Aziýada, Gazagystanda ösýär. Güneşli Diýarymyzyň daglarynda, dag eteklerinde, çöllerinde ýowşanyň 32 görnüşi duş gelýär. Ýowşan köpýyllyk ösümlik bolup, çylşyrymly güllüler maşgalasyna degişlidir. Ol dik kökli, 15 — 80 santimetre ýetýän baldakly, gabygy goňras reňkli miweli ösümlikdir. Onuň miwesi ownuk, togalak görnüşli, daşy ýylmanak we inçe joýajykly bolýar. Ýowşan awgust, sentýabr aýlary gülleýär we miweleýär. Olar tohumy arkaly köpelýär. Ýowşanlaryň çägelikde we duzlaşan ýerlerde ösýän görnüşleri hem duşýar. Ýowşanyň dermanlyk häsiýeti barada Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» eserinde giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynda hem ýowşanyň adam saglygyna peýdasy, şeýle hem halk lukmançylygynda peýdalanylyşy hakynda giňişleýin beýan edilýär. Halk lukmançylygynda ýowşan gyzzyrma garşy, ýokary gan basyşynda, şeýle hem işdä açyjy serişde hökmünde ulanýarlar. Bulardan başga-da, ol içýan, ataýry ýaly zäherli mör-möjekler çakanda ýapgy görnüşinde ulanylýar. Dermanlyk maksatlary üçin ýowşanyň oty we aýratyn halatlarda, diňe ýapragy hyzmat edýär. Onuň käbir görnüşleri atyr önümlerini öndürmekde, dürli tagamlar taýýarlanylanda hem giňden ulanylýar. Ýowşany egin-eşikleri zyýankeşlerden goramak üçin hem peýdalanýarlar. Bu peýdaly ösümligiň ýaýran ýerlerinde onuň köpelmegine päsgel bermezlik, amatly şertleri döretmek, aýawly çemeleşmek, bikanun zaýalamakdan saklanmak zerurdyr. Tebigatymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp ösümliklerini gorap saklamak, köpeltmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr.

Nurmyrat TATBAÝEW,
TTGJ-niň welaýat bölüminiň uly hünärmeni.