Gajar

20 Iýun 2021
1749

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu guş ýurdumyzyň daglyk ýerlerindäki goraghanalaryň we Bathyzyň guşlarynyň iň täsin wekilleriniň biridir.

Gajar guşlarynyň gözleri adamlaryňky bilen deňeşdirilende, 7 esse, hatda ondan-da ýitidir. Ol şeýle bir ýokary belentlikde uçýar welin, ýerden seredilende kiçijik guş ýaly görünýär. Ol oljasyny gördüginden ganatlaryny kakyp, aýaklaryny öňe uzadyp tizlik bilen aşak gaýdýar. Bu guşlar diňe bir ýere seredip uçman, eýsem, daş-töwereginde bolýan zatlary hem üns merkezinden düşürmeýärler.

Aziza BEŞIMOWA,
Döwletli etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.