Salkyn saýaly çynar

10 Iýun 2021
2062

Tomsuň jöwzaly günlerinde yssydan goranmak — saglyk üçin wajyp zatlaryň biri. Şeýle ýagdaýlarda biziň gözlegimiz bir-ä içer ýaly suw, onsoňam salkyn saýalyja ýer bolýar. Onsoň ýylyň beýleki pasyllarynda känbir üns bermesegem, tomsuna salkyn saýaly agaçlar gözümize has owadan bolup görünýär. Agajyň saýasy köp boldugyça, tomsuna ol has-da arzyly, göze ýakymlydyr.

Salkyn saýalylygy, göwrümi, uzak ýaşaýanlygy taýdan beýleki agaçlardan saýlanýan agaçlaryň biri-de çynardyr. Ol ähli yklymlarda diýen ýaly duş gelýär. Ýewropada oňa Italiýada, Gresiýada, Balkan ýarymadasy ýurtlarynda, Ortaýer deňziniň töwereginde — Krit we Kipr adalarynda, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada, Kiçi Aziýa jülgelerinde, Azerbaýjanyň tokaýlyklarynda, Awstraliýada, Demirgazyk Amerikada duş gelmek bolýar. Çynar agajynyň ýer ýüzünde «Gündogar çynary», «Günbatar çynary», Kerra, meksikan çynary we Reýta ýaly görnüşleri bar.

Taýýarlan Eziz ÇARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.