«Ýaşyl dünýäniň» goragynda

7 Iýun 2021
2174

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy her bir adamyň mukaddes raýatlyk borjy hasaplanylýar. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz ýaşyl begrese bürenýär.

Ýurdumyzyň gözel tebigaty adamzadyň sagdynlygy, ýaş nesilleriň berk bedenliligi üçin ähmiýetlidir. Bu ajaýyp gözellik ynsan saglygy üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Köp ýyllaryň dowamynda tebigy taýdan emele gelen we adamlar tarapyndan döredilen tokaý zolaklaryny ýangyn sebäpli ýok bolup gitmekden goramak zerurdyr.

Şatlyk TAGANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň uly leýtenanty.