Dagdan agajy

6 Iýun 2021
2464

Türkmenistanyň tebigaty dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususan-da senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Şol ösümlikleriň biri hem dagdanlar maşgalasyna degişli bolan dagdan agajydyr. Dagdan agajy adyndan belli bolşy ýaly, dag şertleri üçin häsiýetli bolan agaçdyr. Bu agaç daglaryň gaýalarynda, jülgelerde, hek daşlarynyň üstünde, esasan, daglaryň aşaky guşaklygynda ösýär. Onuň ýurdumyzda 26 görnüşi bardyr. Ol relikt, ýagny gadymy we seýrek duş gelýän agaçdyr.

Dagdan agajynyň boýy 4-7 m (seýrek ýagdaýda 12 m çenli) ýetýär, onuň ýylmanak çal gabygy bar, ýaş şahalary goňur ýa-da gyzgylt-goňur reňkde bolýar. Ol mart-maý aýlary aralygynda gülleýär, miwesi sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Güýz aýlarynda onuň ýapraklary gyzyl reňke öwrülýär. Bu agaç örän haýal ösýär, ýagtylygy we guraklygy halaýar. Ekileninden 10 — 20 ýyldan soň miweläp başlaýar. Onuň ömri 500 ýyla çenli ýetýär. Dagdan agajy tohumyndan we şitilinden köpelýär. Yssy wagtlar ýapraklar ýygrylmaga ukyply bolýar.

Enebaý AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri.