Tebigat — umumy öýümiz

3 Iýun 2021
1799

Daşky gurşawyň, tebigatyň goraglylygy durmuşymyzyň abadanlygynyň aladasydyr. Ekologiýa sözüniň özeninde öý, ýaşalýan ýer diýen manynyň bolmagy hem her birimize bu babatda çuňňur pikirlenmäge esas bolup durýar. Daşky gurşawdaky her bir özgerişligiň täsiri hem zeminiň ähli janly-jandary üçin deňdir. Şonuň üçin-de daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy  (ÝUNEP) hem döredildi.

Häzirki zaman ekologiýasy «Ähli zat bir-biri bilen bagly», «Hiç zat ýitip gitmeýär», «Tebigatyň özi gowy bilýär — bu kanunyň iki manysy bar — tebigata ýakyn bolmaly, şol bir wagtyň özünde-de oňa seresap çemeleşmeli», «Bihasap zat ýok» ýaly 4 sany esasy kanuna eýerýär. Şulardan hem görnüşi ýaly, edýän işlerimiziň, hereketlerimiziň ählisi daşky gurşawa täsirini ýetirýär. Muňa howanyň, töwerek-daşyň hapalanmagy, janly tebigata, ösümliklere, baglara... ýetirilýän zyýanlardan başlap uly-uly meseleleri mysal getirip bolar. Şonuň üçin-de tebigatyň goraglylygy ýurdumyzda ynsan saglygy ýaly wajyp meseleleriň biri hökmünde hemişe üns merkezinde durýar. Gahryman

Oguljeren NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.