Tebigat gözeldir oda dözerden

31 Maý 2021
1628

Gahryman Arkadagymyzyň: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologik medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, bu işde öňden gelýän milli ýörelgeleri, halkyň aňyna ornaşan ýagşy däp-dessurlary öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Gözel tebigatyň ösümlik hem haýwanat dünýäsini aýawly peýdalanmak, onuň baýlygyny bisarpa tutman, geljekki nesillere miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Eziz Diýarymyzda tebigaty goramak ugrunda ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa» hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama boýunça ýaşaýyş üçin tämiz, arassa howany üpjün etmek, türkmen topragynyň tebigat gözelligini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowaryny ekologik-medeni çäre hökmünde geçirmek bellenildi. Biziň ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr.

Mahmyt AŞYROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 2-nji bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.