Ene topraga guwanjymyz

31 Maý 2021
1652

Pasyllaryň soltany baharda ülkämiz has gözel keşbe girýär. Bu pasylda tebigat özüne mahsus dürli reňkler arkaly töwerege ussatlyk bilen gaýtalap bolmajak surat çekýär. Daglaryň, baýyrlaryň, sähralaryň ýüzi ýaşyl begrese bürenýär. Bereketli çölümiz begres don geýene meňzeýär, baglarymyz gülleýär, tebigat janlanýar. Ynsan kalby şeýle ajap görnüşleri synlap, lezzet alýar. Dünýäniň başga bir künjeginde gabat gelip bolmajak gözellik töweregi gurşap alýar. Töwerek asuda, arassa, päk bolanda adam kalby hem päklenýär, onuň adam ruhuna edýän täsiri artýar.

Adam öz ýaşaýşynda iň zerur zatlary tebigatdan alýar. Howamyzyň, suwumyzyň arassa, howpsuz, bereketli topragymyzda öndürilýän önümleriň ýokumly, ýaramly, durumly, ýakymly bolmagy üçin döwletimizde tutumly işler amala aşyrylýar. Tebigat biziň durmuşymyza zerur ähli zady bolluk bilen eçilýär. Bize şol baýlyklardan, gözellikden rejeli peýdalanaýmak galýar.