Tebigatyň bezegi

23 Maý 2021
1779

Esaslandyrylanyna140 ýyl bolan Aşgabat köp wakalary başdan geçirdi. Aşgabat şäheriniň taryhy bilen birlikde, tebigatynyň gözelligi täsindir.

Aşgabat şäheriniň seýilgählerinde we köçeleriniň ýakalarynda uzak ýaşan agaçlary göreniňde haýran galýarsyň. Ol agaçlara ýerli we biziň howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan görnüşler degişlidir. Aşgabat şäheriniň seýilgähleri şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Daşky gurşawymyzyň arassaçylygy we gözelligi adamlaryň saglygy üçin edilýän aladalaryň ýerine düşýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ekologiki abadançylygy gazanmak esasy meseleleriň biridir. Onuň çözgüdi bolsa tebigat bilen ynsan durmuşynyň sazlaşykly emele getirýän gözellikleridir.

Enebaý AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri.