Arassaçylygyň mekany

17 Maý 2021
1949

Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ak şäherimizde hepdäniň dowamynda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Geçen hepdäniň ýekşenbe güni hem bu ugurda möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Aýry-aýry zähmet toparlarynyň mähriban paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş, timarlaýyş işlerine uly buýsanç bilen has-da yhlasly goşant goşýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Aga Berdiýew köçesiniň ikiýan gapdalynda ýerleşýän dermanhanalaryň, söwda dükanlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyp ýaşlary arassaçylyk işlerine saldamly goşant goşdular, baglary timarlap, düýplerini agdaryp, suwardylar.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».