Tebigat bilen dostlugyň kepili

13 Maý 2021
1948

Ata-babalarymyz hem tebigat bilen dostlukly gatnaşyklaryndan uly lezzet alypdyr. Arassa howada at üstünde gezim etmek olaryň iň söýgüli hereketleri bolupdyr. Türkmen halkyny dünýäde at üstünde iň köp gezýän halklaryň biri hökmünde tanapdyrlar. Bular halkymyzyň gündelik durmuşynda we baýramçylyklarynda, ýagşy däp-dessurlarynda, baý halk döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosipedli ýörişler adamlara tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliginden lezzet almaga ýardam edýär.

Welosipedler häzirki zaman durmuşynda ekologiýa taýdan arassa, tebigata dostluk bilen birlikde, adamyň bedeniniň ähli möhüm agzalarynyň hereketini üpjün edip, onuň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar, kesellemek howpuny peseldýär, kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, ruhubelentlik paýlaýar.

Merdan MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki şäher bölüminiň harby gullukçysy, kapitan.