Terbiýeçilik we ekologiýa

13 Maý 2021
1850

Ekologiýany aýawly gorap saklamak baradaky düşünje türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýe mekdebiniň esasy ugurlarynyň biridir. Milli terbiýeçiligiň bu ugry babatda ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini kemala getirmek we onuň nesilden-nesle geçirilmegini gazanmak ugrunda aladalanyp, netijeli işleri amala aşyrypdyrlar. Olar has gadymy döwürlerden başlap, öz perzentlerini ýere we suwa aýawly çemeleşmek arkaly terbiýelemäge girişipdirler. Maşgala abatlygyny gorap saklamak baradaky düşünjeleriň gözbaşyny — arassa asman, ak gar, dury suw, tämiz howa ýaly tebigatyň ençeme ajaýyplyklary bilen utgaşdyryp, päkizelige beslenen milli duýgulary tebigat bilen sazlaşykly kemala getiripdirler we şol mukaddes duýgulary öz nesillerine ruhy miras galdyrypdyrlar.

Umuman aýdanyňda, wagtyň geçmegi bilen, pederlerimiz ene topragyň gudratynyň halal zähmetdedigine durmuş tejribeleriniň üsti bilen doly göz ýetiripdirler. Bu barada ençeme paýhasly jümleler, aýtgylardyr eserler döredilip, dilden-dile, nesilden-nesle geçirilipdir. Gadymy taryhy geçmişimizde her hili kynçylykly ýagdaýlara duçar bolsalar-da, beýik halkymyz öz ruhy mirasyny, ýol-ýörelgelerini ýitirmän saklamagy başaryp bilipdir. Şol kökleri gadymy müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda gaýtadan janlandyrylyp, täze öwüşginler bilen üstüniň ýetirilýändigini şu ýerde guwanç bilen belläp geçmek gerek. Çünki bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň döredýän eserleriniň mynasyp orun tutýandygy bizi has-da buýsandyrýar. Ýagny, milli Liderimiziň döredýän ajaýyp eserlerinde çuň manyly rowaýatlar, tymsallardyr nakyllar arkaly paýhasa beslenen milli häsiýetdäki pelsepewi düşünjeleriň many-mazmunlary ussatlyk bilen düşündirilýär.

Döwletgeldi HALLYGYLYJOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň baş hünärmeni.