Tebigatyň ajaýyplyklaryny goralyň!

13 Maý 2021
1983

Türkmen tebigatynyň gözelligi, onuň gül-gülälekli sähralary, müňýyllyklaryň şaýady bolup oturan daglary, çeşme-çaýlary, dürli dermanlyk otlarydyr ösümlikleri, haýwanat dünýäsi göreni haýrana goýýar. Ol gözellikleri synlap, kalbyň heýjana gelýär. Bu mukaddes toprakda hormatly Prezidentimiziň döredip beren ajaýyp zamanasynda ýaşap, zähmet çekýändigiňe buýsanjyň artýar. Tebigatyň ylahy gözellikleri mydama goralmalydyr. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiz üçin uly borçdur.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.

Bakymyrat MUHAMMEDOW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 201-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň kapitany.