Böwürslen azyklyk we dermanlyk ösümlikdir

9 Maý 2021
2218

Böwürsleniň dünýäde 250 görnüşi duş gelýär. Türkmenistanda tebigy şertlerde böwürsleniň birnäçe görnüşi bar, olar, esasan hem gülgüne we Garrygala böwürslenleridir. Olar Köpetdagda we Balkan daglarynda tebigy şertlerde ösýärler. Miwesi gaýtadan işlenilip, şire, mürepbe taýýarlanylýar.

Böwürsleniň ýapragy, baldagy, miwesi, köki halk lukmançylygynda iýmit hem-de dermanlyk üçin ulanylýar.

Güýçgeldi AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.