Serçe

4 Maý 2021
3996

Garagum sährasynda guşlaryň ençeme görnüşine duşmak bolýar. serçe hem giň sähranyň özboluşly bezegidir. Serçeleriň beýleki görnüşlerine garanyňda, serçe reňkiniň, daşky görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ol süýnmegräk, gara çüňkli, kellesiniň üsti we arkasy çal, gözleriniň töweregi halkaly, bokurdagy gara, aýaklary goýy-goňurdyr. Onuň açyk, garamtyl goňur ganaty 62-72 millimetr, guýrugy 48-60 millimetr, agramy 22-30 gram töweregidir.

Serçe oturymly guş, güýzüne we gyşyna göçüp-gonup gezýär. Merkezi Garagumda, aklaň çägeli we ýarym bekän çägelikde ýaşaýar. Höwürtgesini sazagyň, sözeniň, gandymly agajyň üstünde ýa-da öňki taşlanyp giden guşlaryň höwürtgesiniň gatynda gurýar. Aprelde höwürtgeleýär, 3-6 ýumurtga goýýar, maý aýlary jüýjeleýär. Köpelýän wagtlary jübüt bolup höwürtgeleýärler. Ýylda iki gezek köpelýär. Mör-möjekler we otjumak ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.

Muhammeteziz ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.