Tebigatyň gözel dünýäsi

3 Maý 2021
2015

Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylan beýik işler bilen uludan tutýar. Şu günler gözel paýtagtymyzyň ähli künjekleri owadan baglar, täsin al-ýaşyl öwüsýän güller bilen jäheklenip, toý lybasyna beslenýär. Paýtagtymyzda öňden bar bolan desgalar täze binagärlik keşbine eýe bolup, sanlyja ýylyň içinde gurlan dolandyryş edara binalary, orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ajaýyp ymaratlary, möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarydyr myhmanhanalar, Olimpiýa şäherçesi, birnäçe ýaşaýyş toplumlary, söwda we biznes merkezleri, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ulag ýollary, täsin köprüler, özboluşly baglar, gül meýdançalary bilen tebigatyň baý dünýäsini dabaralandyrýar.

Olaryň ählisi hem gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, bagtyýar ýaşaýyş, ýokary derejeli dynç alyş şertleri bilen has-da tapawutlanýar. Ýaşyna garamazdan, her bir türkmenistanlynyň abadançylygy, medeniýetli dynç almagy, bagtyýar ýaşamagy barada taýsyz tagallalary edýän, ak şäherimizi gözelligiň dürdänesine öwrüp, buýsanjymyzy goşalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri berkarar Diýarymyzyň täze taryhynda altyn sahypalary döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň beýik ösüşleri ata Watanymyzyň abraý-mertebesidir, halkymyzyň buýsanjydyr.

Owadan ARMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.