Ýurdumyzyň energetika gorlary, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri halkymyzyň umumymilli baýlygydyr. Energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin hem ähli zerur şertler bar. Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmagy hem-de önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde gymmatly serişdeler diňe bir ýangyç bolman, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.
Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnama esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.