Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!

30 Aprel 2021
1424

Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Rana Ýuldaşowa her ýyl ýüpek gurçugyny idetmekde, ondan bol pile öndürmekde oňat netijeleri gazanýar. Elbetde, bereketli pile hasylyny öndürmekde ýüpek gurçugyny tut ýapraklary bilen doly üpjün etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Kärendeçi zenan bu işe aýratyn ähmiýet berip, mundan üç ýyl ozal daýhan birleşigine degişli 1,5 gektar ýere tut nahallaryny oturdyp, oňa ýyllaryň dowamynda göreldeli ideg etdi. Bu günki gün kärendeçi zenanyň maşgala agzalary bilen çeken göreldeli zähmeti netijesinde şonça ýerde tut agaçlarynyň iri ýaprakly görnüşleriniň 1800 düýbi ösüp ýetişdi.

— «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem maşgala agzalarymyz bilen ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile öndürmegi göz öňünde tutýarys. Köp zähmet siňdirip ýetişdiren tut agaçlarymyz şu ýyl ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen doly üpjün eder. Hut şunuň üçin ata-babalarymyz: «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!» diýip, aýdan bolsalar gerek. Ýakynda ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişdik. Olaryň iýmitiniň ýeterlik bolmagyna, saklanylýan jaýlarynyň arassaçylygyna uly ähmiýet berýäris, howasynyň kadaly ýagdaýynyň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görýäris — diýip, Rana Ýuldaşowa gürrüň berdi.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar