Sagdynlygyň şäheri

30 Aprel 2021
1459

Şu ýyl ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna hem-de Welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder.

Bu günki gün gözel paýtagtymyza gezelenç edip göreniňde, ilki bilen, ol barada «sportuň, sagdynlygyň paýtagty» diýen jümle ýüregiňde owazlanýar. Sebäbi ajaýyp zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmeklerini nazarlap gurlan, bir-birinden owadan sport desgalary göreni haýrana goýýar. Gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk hokkeýdir figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin-de hemme mümkinçilikler döredildi.

Nurali NEPESOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.